
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 2019-njy ýylyň 27-28-nji noýabrynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2019» atly XII halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirýär.
Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
27-nji noýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
28-nji noýabrda sagat 10:00-dan 16:00-a çenli.
Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 44-90-99, 44-91-91, 44-90-98, 39-88-70, 39-88-81/82/83.
Başga-da bu temada

Konsertler
|22.11.2025
2268
Türkmenistan kinokonsert merekeziniň afişasy

Konsertler
|01.11.2025
9269
«Mekdebe öwrülen ömür» atly Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almamedowyň we onuň şägirtleriniň sergisi

Çagalara
|31.05.2025
26266
Çagalary goramaklygyn güni mynasybetli @nur_art_school ähliñizi art baýramçylygyna çagyrýar!

Konsertler
|23.05.2025
22150
