Soňky habarlar

Arhiw

SEKIZINJI MERKEZI AZIÝA SÖWDA FORUMY

0
20043
Salgysy:
ДВОРЕЦ ТВОРЧЕСТВА МОЛОДЕЖИ, 2, Ташкент 100078, Узбекистан.
Telefon belgiňiz:
+(99312) 454954 / 454975
Pocta:
Azat_Malikgulyyev@dai.com
Web adres:
WWW.CATRADEFORUM.ORG
Soňky täzelenme:

Merkezi Aziýa söwda forumy 70 milliondan gowrak müşderilere ýetmek üçin, Merkezi Aziýanyň ösüp barýan bazarlarynyň täze mümkinçilikleri bilen tanyşmak boýunça ýeke-täk platforma bolup durýar. Geçen ýyl foruma 18 ýurtdan 1100-den gowrak gatnaşyjy gatnaşdy. Aziýadan, ABŞ-dan, Ýewropadan we Ýakyn Gündogardan gatnaşan kärhana ýolbaşçylary, işewür adamlary, döwlet edara wekilleri hem-de ekspertler bu forumy pikir alyşmak, şertnama baglaşmak, täze hyzmatdaşlyk döretmek we gelejekde işleşmek üçin ulandylar.

Bu ýyl forum bilen bir wagtda söwda sergisi geçiriler. Söwda sergisine sebtiň ulag, syýahatçylyk, maglumat tehnologiýalary, enjamlar, miwe we bakja önümleri öndürmek we olary gaýtadan işlemek ýaly pudaklardan kärhanalar gatnaşar.

Adresi: Özbegistan Respublikasy, 100078, Daşkent şäheri, (Дворец творчества молодежи) köçesi, 2

Wagty: 2018-nji ýylyň 17-18-nji oktýabry

Geçiriljek forumyň temasy “Maýa goýumyň we söwdanyň ösüşinde täze mümkinçilikler”.

Sebtiň öňdebaryjy kärhanalary/birleşmeleri tarapyndan indiki sessiýalar hödürlener:

• Sebitde telekeçiligiň şertlerini kämilleşdirmek boýunça özgertmeler
• Söwda we maýa goýumyň ösüşinde töwekgelçilikler we mümkinçilikler
• Innowasiýanyň täjirçiligi
• Ulag we logistika pudagynyň kämilleşdirilmegi
• Onlaýn marketing we sifrlenen söwda
• Merkezi Aziýada syýahatçylygyň kämilleşdirilmegi
• Zenan telekeçiligi üçin mümkinçilikleriniň giňeldilmegi

GURAMAÇY BARADA

Merkezi Aziýadaky bäsleşige ukyplylyk, söwda we täze iş orunlary döretmek boýunça USAID (CTJ) taslamasynyň maksady, Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň eksport ukybyny kämilleşdirmek hem-de miwe we bakja, syýahatçylyk, ulag we logistika pudaklarynda täze iş orunlary döretmek bolup durýar. Sebitde kärhanalaryň bäsleşige ukyplylygyny kämilleşdirip hem-de söwdada bolan päsgelçilikleri aýyryp, USAID, hususy pudagyň has durnukly we bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. USAID taslamasy her ýyl Merkezi Aziýa söwda forumyny geçirýär.

Söwda forumy we sergisi boýunça goşmaça maglumat almak hem-de registrirlenmek üçin, Azat Mälikgulyýewe +(99312) 454954 / 454975 telefon belgilere jaň edip ýa-da Azat_Malikgulyyev@dai.com elektron adresine hat ýazyp ýüz tutup bilersiňiz.

Doly maglumat üçin broşýuradan peýdalanyp bilersiňiz.

Gatnaşmaga isleg bildirýän bolsaňyz 2018-nji ýylyň 10-njy awgustyna çenli tassyklamagy haýyş edýäris!

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler