Arhiw

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergi

0
8013
Salgysy:
Проспект Атамурата Ниязова, 158, Национальный музей туркменского ковра
Soňky täzelenme:

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Gözellik nusgasy — türkmen halysy” atly halkara sergini geçirýär

Guraýjy topar haly we haly önümleri bilen gyzyklanýan adamlary, Türkmenistanyň myhmanlaryny we ýaşaýjylaryny halkara sergini görmäge çagyrýar.

Serginiň iş wagty:

27-nji maýda sagat 14.00-dan 18.00-a çenli;

28-nji maýda sagat 10.00-dan 17.00-a çenli.

Sergi Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 158-nji jaýynda ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýinde geçirilýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler