Müsürli sport türgeni Aşraf Mahrus dişleri bilen 700 tonnalyk gämini ýerinde gozgady. Bu barada «Associated Press» agentligine salgylanýan «Говорит Москва» telegram-ýaýlymy habar berdi.
Mahrus ilki gämini dişleri bilen süýredi, soňra öz üstünligini tassyklamak üçin agramy 1150 tonna bolan iki sany gämini dişleri bilen dartdy. Müsürli türgen öz ukybyny Gyzyl deňziň ýakasyndaky Hurgadada görkezdi.
Atletçi indi bu wakanyň wideosyny we fotosuratlaryny Ginnesiň rekordlar kitabyna baha bermek üçin ibermekçi.
