Russiýanyň Wladiwostok oblastynda ýaşaýan maşgalada dört çaga ýarganat şekilli hal bilen dünýä indi. Bu barada «Mampa» Telegram-ýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Ejeleriniň gürrüň bermegine görä, çagalaryň ählisi-de bu aýratynlygy kakalaryndan alypdyr. Haçanda ilki üç çagada bu birmeňzeş haly görenlerinde, olar muny Betmeniň nyşany hökmünde kabul edipdirler. Emma täsin ýeri, dördünji çaga-da şeýle meň bilen dünýä inipdir.
Çagalaryň bu aýratynlygy hatda ýerli çaga lukmanlaryny hem haýran galdyrypdyr. Maşgalada supergahrymanlaryň giden topary ýetişip gelýär diýip, degişýärler.

