Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramyna bagyşlanan «Türkmen-özbek gatnaşyklary – täze taryhy tapgyrda» atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, çäräni Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasy Özbegistan Respublikasynyň milletara gatnaşyklar we daşary ýurtdaky watandaşlaryň meseleleri boýunça komiteti, şeýle hem Türkmen milli medeniýet merkezi bilelikde gurady.
Baýramçylyk dabarasyna Özbegistan Respublikasynyň milletara gatnaşyklar we daşary ýurtdaky watandaşlaryň meseleleri boýunça komitetiniň, bu ýurtda hereket edýän dürli medeniýet merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, türkmen we özbek talyplary gatnaşdylar.
Ilçi Ş.Meredow öz çykyşynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten uly sepgitlerine ünsi çekdi we soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň tagallasy bilen iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny belledi.
Dabaraly çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar Özbegistanyň Türkmen milli medeniýet merkeziniň, Döwlet filarmoniýasynyň we beýleki milli medeniýet merkezleriniň wekilleriniň hem-de türkmen talyplarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler. Dostluga bagyşlanan halk aýdymlary, milli tanslar, şol sanda türkmen halk tansy «Küştdepdi» çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

