Moskwada kirpiler gyş sowugynyň öňüsyrasy semremäge başladylar, olar gyşa taýýarlanýarlar diýip, «mos.ru» portaly habar berdi.
Gyşlamak üçin kirpiler azyndan 750 gram agram toplamaly, şonuň üçin olar häzir işjeň aw edýärler. Semränlerinden soňra haýwanlar buky ýer tapyp, gyş sowugy gelýänçä uklamaly bolarlar. Kirpi uklanda, onuň bedeniniň temperaturasy +2°C çenli pese gaçýar, ýürek urmasy we dem almasy haýallaýar.
«Güýzde bu haýwanjyklar tomzaklar, ýagyş gurçuklary, ulitkalar, suw öküzleri, syçanlar we suwulganlar bilen işjeň iýmitlenýärler. Kirpileriň alma iýýändikleri, süýt içýändikleri baradaky ýoň bolan pikir ýalňyşdyr» diýlip, habarda bellenýär.
Russiýanyň paýtagtynyň ýaşaýjylaryna kirpilere häzir nädip kömek etmelidigini maslahat berýärler, munuň üçin olara päsgel bermeli däl. Şeýle-de itleri boýunbagly gezdirmek maslahat berilýär.
