Ýewropa Bileleşiginiň parlamenti Ýewropa komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýene ynam bildirmezlik wotumyndan ýüz öwürdi. Plenar ýygnagyň gidişi parlamentiň saýtynda görkezildi diýip, «MIR 24» habar berdi.
Ynam etmezlik rezolýusiýany ýatyrmak barada deputatlaryň 553-sinden 360-sy goldap ses berdi, parlamentarileriň 175-si onuň kabul edilmeginiň tarapdary boldy, 18 agza saklandy. «Kararnama ýatyryldy» diýip, Ýewroparlamentiň başlygy Robert Metsola yglan etdi.
Öň Ýewropanyň ýustisiýa kazyýeti Ursula fon der Lýaýeniň 2021-2023-nji ýyllarda COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymlary satyn almak boýunça geleşikler barada habary gizländigi üçin günäli diýip höküm çykarypdy. Gopgun 2023-nji ýylda «The New York Times» gazeti fon der Lýaýeniň garşysyna aýyplama bildirende ýüze çykdy. Neşir Ýewrokomissiýanyň başlygy «Pfizer» derman kärhanasynyň başlygy bilen Ýewropa bileleşigi üçin umumy bahasy 30 milliard ýewrodan hem köp bolan sanjymlary satyn almak boýunça ylalaşan sms-habarlary çap etmekden bikanun ýüz dönderdi diýip, aýyplama bildirdi.
Ýewropa komissiýasy uzak wagtlap bu mesele babatda düşündirişden ýüz öwürdi hem-de muny sms-habarlaryň ýalňyşlyk bilen pozulandygy bilen delillendirdi.
