Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Saida Mirziýoýewa Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçylygyna bellendi

02:3724.06.2025
0
14516

Özbegistanyň Prezidentiniň edarasynyň işgärler düzüminde döwlet Baştutanynyň Permany bilen özgerişlikler geçdi. Bu barada Prezidentiň metbugat gullugyna salgylanýan «Daryo.uz» habar berdi. Şol sanda döwlet Baştutanynyň Diwanynyň ýolbaşçysynyň täze wezipesi girizildi. Permana laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy wezipesine Saida Şawkatowna Mirziýoýewa bellendi.

24-nji iýunda özbek Lideri Şawkat Mirziýoýew Prezident Uhnaagiýna Hurelsuhyň çakylygy boýunça döwlet sapary bilen Mongoliýa bardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň