Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sekiz ýaşly çaga ejesiniň telefonyndan 70 müň nabat sargyt etdi

18:2513.05.2025
0
16695
Sekiz ýaşly çaga ejesiniň telefonyndan 70 müň nabat sargyt etdi
Surat: Noi.md

Kentukkide (ABŞ) sekiz ýaşly oglanjyk ejesiniň telefonynyň kömegi bilen 70 müň sany çöpli nabat sargyt etdi. Ejesi bu barada öýüne 22 sany içi süýjüli gapyrjak getirenlerinde bildi diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.

Hasaplaşyk hasabyny barlanda, oglanjygyň ejesi ondan 4 müň dollar alnandygyny bildi. Ol şol pursatda huşundan gitjek bolandygyny gürrüň berdi. Oglanjygyň özi bolsa, dostlary bilen baýramçylyk gurap, süýjüleri baýrak hökmünde paýlamak isländigini aýtdy.

Zenan pullaryny yzyna almakçy boldy, bu oňa başartdy, ýöne ol munuň üçin uzak gününi bankda geçirdi we birnäçe täzelikler teleýaýlymlaryna ýüz tutdy. Netijede, nabatlary eltiji oňa 4 müň dollary gaýdyp berdi.

Wakadan soňra oglanjygyň ejesi ýene şeýle ýakymsyz ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin telefonynyň gurnawyny üýtgetdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň