Bäş balykçy açyk deňizde 55 gün bolansoňlar, halas edildi. Olary tunes balygyny awlaýan gäminiň ekipažy halas edip, Galapagos adalaryndaky deňiz portuna getirdi. Üç peruwly we iki kolumbiýaly balykçylar martyň ortalarynda dereksiz ýitdi hem-de 7-nji maýda tapyldy diýip, «MIR 24» habar berýär.
Habarda balykçylaryň aw gämisiniň güýç beriji enjamynyň hatardan çykandygy, netijede olaryň aragatnaşyga çykyp bilmändikleri aýdylýar. Diri galmak üçin balykçylar ýagyş we deňiz suwuny içipdirler, hereketlendirijidäki posly suwy alyp içmäge mejbur bolupdyrlar. Haçanda golaýdan balyk ýüzüp geçse, tutup, gaýnadyp iýipdirler.
Balykçylaryň ýagdaýy durnukly. Häkimiýetler olaryň watanlaryna gaýdyp barmagy ugrunda gepleşikleri geçirýärler diýip, CNN habar berdi.