Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Owganystanda 45 ýyldan soňra ilkinji gezek milli ilat ýazuwy geçiriler

16:1107.05.2025
0
18318
Owganystanda 45 ýyldan soňra ilkinji gezek milli ilat ýazuwy geçiriler
Surat: RIA Nowosti

Owganystanyň Hökümeti 1979-njy ýyldan bäri ilkinji milli ilat ýazuwyny geçirmegi meýilleşdirýär, bu ýurduň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy diýip, ýurduň Hökümet başlygynyň metbugat gullugy habar berdi.

Mejlis duşenbe güni Owganystanyň Hökümet başlygy Mohammad Hasan Ahundyň başlyklyk etmeginde geçirildi. Onda umumymilli ilat ýazuwyny geçirmegiň teklip edilen meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

BMG-niň käbir edaralarynyň bahalandyrmagyna görä, häzirki wagtda Owganystanyň ilaty 41,4 million adama deň bolup biler.

Owganystanda soňky gezek ilat ýazuwy 1979-njy ýylda geçirildi, ol howpsuzlyk bilen baglylykda, diňe ýurduň etraplarynyň 67 göterimini gurşady, sebäbi Sowet goşunlarynyň ýurda girmegi ony bökdedi diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň