115 ýaşly britaniýaly zenan Etel Keýterem dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysydyr, ol golaýda özüniň uzak ömür sürmeginiň syryny paýlaşdy. Onuň syry hemişe gapma-garşylyklardan gaçandygydyr diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.
Etel Keýterem: «Men hiç wagt hiç kim bilen jedel edemok, men diňleýan we göwün halanymy edýärin» diýdi.
Keýterem öňki rekordçy— 116 ýaşly braziliýaly ruhany zenan Ina Kanabarro Lukas aradan çykandan soňra dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy diýlip yglan edildi.
Ol 1909-njy ýylyň 21-nji awgustynda Angliýanyň günortasyndaky Şipton-Bellinjer obasynda dünýä indi.
1927-nji ýylda Hindistana gidip, üç ýyllap britan maşgalasynda eneke bolup işledi, soňra Watanyna dolanyp geldi hem-de durmuşa çykdy. Onuň iki çagasy dünýä indi, adamsy Norman 1976-njy ýylda aradan çykdy.
Häzir Etel garrylar öýünde ýaşaýar. Edaranyň işgärleri rekordy bilen gutlap, Eteliň ruhubelentliginiň hem-de pähim-parasadynyň özlerini ruhlandyrýandygyny bellediler diýip, «AP News» ýazýar.