Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Meşhur grek adasynda äpet jaýryklar döredi

18:2502.05.2025
0
21542
Meşhur grek adasynda äpet jaýryklar döredi
Surat: Tourprom.ru

Gresiýanyň Krit şypahanalar adasyndaky Wutes obasynda duýdansyz äpet jaýryklar peýda boldy diýip, «Express» neşirine salgylanýan «caliber.az» portaly ýazýar. Jaýryklaryň käbir binalara howp salýandygy, şeýle hem aragatnaşyk ulgamlaryna zeper ýetirip biljekdigi bellenýär.

Äpet jaýryklar seýsmiki işjeňligiň doly ýok şertlerinde sebäpsiz döredi. Olar eýýäm ýol örtügini zaýalady, 10-a golaý binalara zeper ýetirdi. Hünärmenler olaryň okgunly ulalýandygyndan biynjalyk bolýarlar.

Birnäçe günüň dowamynda kiçeňräk jaýryklar uzynlygy 150 metr bolan boşluklara öwrüldi. Häzir olar ýollary kesip geçip, ýaşaýyş öýlerine aralaşýarlar, bu bolsa ýerli ýaşaýjylarda howsala döredýär diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň