Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

HKB älemde zibiliň öňünden sowuldy

10:2001.05.2025
0
9467

Russiýanyň «Progress MS-30» ýük gämisi Halkara kosmos bekediniň ugruny älem giňişligindäki zibil bilen çaknyşmak howpy sebäpli sowdy diýip, «Roskosmos» döwlet korporasiýasyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Habarda HKB-niň orbitasynyň takmynan 540 metre çenli ýokary galdyrylandygy aýdylýar.

2021-nji ýylyň awgustynda ady agzalan korporasiýa bekediň orbitasyndaky älem zibiliniň umumy agramynyň 7 müň tonnadan geçýändigini habar beripdi. Her gün awtomatlaşdyrylan ulgam RF-niň kosmos enjamlaryna Ýeriň töweregindäki howply ýagdaýlar barada 3-den 10-a çenli çenli duýduryşlary ýollaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň