Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi bilen bilelikde 7-nji maýda S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda, sagat 09.00-dan-12.00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary taýynlamaklygy, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmelidigi bellenilýär.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
- S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
- Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy (S.Türkmenbaşy şaýolynyň 81-nji jaýy) tel: 22-74-07
- Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi (Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň binasy) tel: 39-34-56
- Bagtyýarlyk etraby (Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň binasy) tel: 39-34-64
- Berkararlyk etraby (Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň binasy) tel: 39-34-71
- Büzmeýin etraby (Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy) tel: 35-12-69
- Köpetdag etraby (Aşgabat şäher häkimliginiň gulluklarynyň binasy) tel: 39-34-76