Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň binasynda Bender-Abbas portunda bolup geçen betbagtçylyk mynasybetli ýatlama kitaby açyldy. Isleg bildirýänler 30-njy aprelde ilçihana gelip, wepat bolanlaryň hatyrasyny hormatlamak üçin sagat: 10:00-dan 13:00-a çenli we 15:00-den 17:00-a çenli baryp bilerler – diýip, ilçihananyň X sahypasynda habar berilýär.
Mälim bolşy ýaly, 26-njy aprelde Eýranyň günortasynda Pars aýlagynyň kenarynda ýerleşýän Bender-Abbas portunda güýçli partlama boldy. Betbagtçylyk birnäçe konteýneriň detonirlemeginiň netijesinde ýüze çykdy. Soňky maglumatlara görä, bu hadysada 46 adam wepat boldy, 1000-den gowrak adam dürli derejede şikes aldy.