Aşgabatdaky «Katmer» kafesi paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny türk myhmansöýerliginiň atmosferasyna çuňňur aralaşyp dürli görnüşli tagamlardan we içgilerden lezzet almaga çagyrýar.
«Katmeriň» menýusynda, aýratyn-da, meşhur türk desertleri möhüm orun eýeleýär. Myhmanlar Gündogar süýjülikleriniň aýrylmaz bölegi bolan pisseleriň bol ulanylyşyna, olara özboluşly tagam we ys berlişine baha berip bilerler. Kafeniň aýratyn özboluşlylyk bilen taýýarlanylýan desertleriniň hatarynda meşhur kunefe we kafeniň adyny göterýän katmeriň özi bar.
Şeýle hem «Katmer» myhmanlara esasy tagamlaryň we desertleriň üstüni jaýdar ýetirýän hakyky türk çaýyny hödürleýär.
«Katmer» kafesi ýokary hilli aşhanalara we ýakymly atmosfera ähmiýet berýänler üçin dynç almakda iň bir halanýan ýere öwrüler. Amatly ýerde ýerleşýändigi we mylakatly işgärler düzümi kafe baryp görmegiňizi ýatda galyjy etse gerek.
«Katmer» kafesi myhmanlara şu salgyda garaşýar: Aşgabat ş., Ankara köçesi (ozalky Ýubileýnaýa), 19-njy jaý.
Telefon belgisi: (+993 63) 24 99 44. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.