Top.Mail.Ru

«Dejavu» restorany ajaýyp fransuz aşhanasynyň tagamlaryny dadyp görmäge çagyrýar

10:5728.04.2025
0
20345

Aşgabatdaky «Dejavu» restorany myhmanlaryny datly fransuz aşhanasynyň dünýäsine aralaşmaga çagyrýar.

Restoranyň menýusy nusgawy reseptleriň we baş aşpeziň taýýarlaýan awtorlyk naharlarynyň sazlaşykly utgaşmasydyr. Bu ýere gelýänler fransuz gastronomiýasynyň ozaldan iň halanýan tagamlaryndan lezzet alyp bilerler we düýbünden täze hem garaşylmadyk tagam sazlaşyklaryny tapyp bilerler.

«Biz iň çylşyrymly tejribelerden ýokary derejede peýdalanmak bilen, fransuz aşpezlik sungatynyň däplerini mynasyp ýetirmäge çalyşýarys» diýip, «Dejavu» restoranynyň hünärmeni pikirini paýlaşýar.

Restoran şu salgyda ýerleşýär: 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy.

Myhmanlar özüne laýyk wagta meýilleşdirip, şu telefon belgileri arkaly stol sargyt edip bilerler: (+993 71) 12 22 21, (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň