Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Çolpon-Ata şäherindäki «Ruh-Ordo» merkezine baryp gördi

10:0523.04.2025
0
10544
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Çolpon-Ata şäherindäki «Ruh-Ordo» merkezine baryp gördi
Surat: kabar.kg

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystana saparynyň çäklerinde, 22-nji aprelde ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen bilelikde Çolpon-Ata şäherindäki «Ruh-Ordo» medeni merkezine baryp gördi. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.

Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat we ýaşlar syýasaty ministri Mirbek Mambetaliýew ýokary derejeli myhmanlara açyk asmanyň astyndaky muzeý hökmünde döredilen bu toplumyň taryhy barada gürrüň berdi. Şeýle-de myhmanlar topluma gezelenç etdiler.

Soňra resmi däl agşamlyk nahary guraldy.

Medeni merkeziniň çäginde guralan gezelenç wagtynda hormatly myhmanlar däp-dessurlara esaslanýan milli saz gurallarynyň görnüşinde gurlan pyýada geçelgesini synladylar. Şol ýerde gyrgyz halkynyň milli saz guraly bolan komuzda saz çalmak sungaty görkezildi. Şondan soň Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa gyrgyz medeniýetiniň nyşany bolan komuz saz guralyny sowgat berdi.

Şeýle-de belent mertebeli myhmanlar milli tagamlaryň görkezilişi wagtynda kuurma çaýyndan dadyp gördüler.

Soňra olar toplumyň golaýyndaky radon çeşmesine tarap ugradylar.

Şol ýerde Prezident Sadyr Žaparow bu suwlaryň bejeriji häsiýetleri barada gürrüň berdi we Yssyk-Köl sebitinde şeýle müňlerçe çeşmäniň bardygyny, olaryň saglyga peýdaly täsiriniň giňden tanalýandygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň