Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zeppelin Turkmenistan JV» HJ «Caterpillar»-yň «SEM» brendli ýörite tehnikalaryny hödürleýär

16:3421.04.2025
0
24588

«Zeppelin Turkmenistan JV» hojalyk jemgyýeti «Сaterpillar» kompaniýasynyň we «SEM» brendiniň Türkmenistanyň çägindäki resmi dileri bolmak bilen, ýörite tehnikalaryň köpdürli görnüşlerini hödürleýär. Aýratyn-da, «SEM» brendiniň enjamlary uly ähmiýete eýe bolup, «Caterpillar»-yň hil standartlaryna doly laýyk gelýär we elýeterli bahalardan ýetirilýär.

«SEM» brendi bilen — süýşüriji buldozerler, tigirli ýükleýjiler, awtogreýderler we ýer düzleýjiler öndürilýär. «Caterpillar» standartlaryna laýyklykda öndürilen bu tehnikalar bazaryň ykdysady pudagyna gönükdirilip, hiliň we bahanyň ajaýyp sazlaşygyna ähmiýet berýänler üçin amatlydyr.

«SEM» brendiniň taryhy 1958-nji ýylda Hytaýda «Shandong Engineering Machinery Co. Ltd.» kompaniýasynyň sergilerde altyn baýraklara mynasyp bolan tigirli ýükleýjileriniň önümçiligini ýola goýan wagtyndan gözbaş alyp gaýdýar. 2008-nji ýylda bu kompaniýa gurluşyk we magdan enjamlaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy öndürijileriň biri bolan «Caterpillar Inc.» amerikan korporasiýasynyň düzümine girdi. 2013-nji ýylda kompaniýa «Caterpillar» (Qingzhou) Ltd. (CQL) diýlip atlandyryldy we zawodyň taryhy adyny saklap, «SEM» brendi bilen ýörite tehnikalary öndürmegini dowam etdirdi.

Häzirki wagtda «Caterpillar» (Qingzhou) Ltd., «Caterpillar Inc.»-iň golçur kärhanasy we esasy ösüş serişdesi bolup, korporasiýa bu brendi ösdürmäge köp mukdarda serişde goýýar. «CQL»-iň esasy ştab-kwartirasy Hytaýyň Şandun welaýatynyň Sinçžou şäherinde, gözlegler we işläp taýýarlamalar boýunça merkezi bolsa Sindao şäherinde ýerleşýär.

«CQL» «Caterpillar» halkara gözleg we ösüş jemgyýetiniň inženerleriniň tejribesiniň esasynda dünýäde uly isleg bildirilýän innowasion tehnikalaryň önümçiligini ösdürýär. «SEM» tehnikalary «Caterpillar» kompaniýasynyň resmi dilerleriniň tory arkaly satylýar.

Has giňişleýin maglumatlary almak we Türkmenistanda «SEM» tehnikalaryny satyn almak üçin «Zeppelin Türkmenistan JV» hojalyk jemgyýetine ýüz tutuň:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 608-nji jaý;
  • telefon belgileri: (+993 12) 37 90 90;
  • elektron poçta salgysy: info.turkmenistan@zeppelin.com.

«Caterpillar» öndürijisiniň «SEM» brendiniň ýörite tehnikalary bilen www.semmachinery.com web saýtyndan hem tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň