Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BRIKS guramasynyň bankynyň başlygy täze möhlete saýlandy

08:5525.03.2025
0
10013
BRIKS guramasynyň bankynyň başlygy täze möhlete saýlandy
Surat: RIA Nowosti

BRIKS halkara guramasynyň Ösüş bankynyň başlygy Dilma Russeff guramanyň dolandyryjylar geňeşiniň özüni täze möhlete biragyzdan saýlandyklaryny habar berdi. Bu barada «O Globo» gazetine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

Russeff BRIKS guramasynyň agza ýurtlarynyň maýa goýumlara we maýa goýum meýdançalaryna aýratyn üns bermegi dowam etjekdiklerini nygtady.

Dilma Russeff 2011-2016-njy ýyllarda Braziliýanyň Prezidenti boldy.

BRIKS düzümine Braziliýa, Russiýa, Hindistan, HHR, Günorta Afrika, Birleşen Arap Emirlikleri, Eýran, Müsür we Efiopiýa girýän döwletara bileleşikdir. Guramanyň ady iňlis dilinde BRICS (Brazil, Russia, India, China, South Africa) bolup, onuň ilkibaşky bäş agzasyny aňladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň