Türkmenistanyň Küşt federasiýasy täzelik girizmek bilen Gran Pri ýaryşlarynyň täze tapgyryny esaslandyrdy — ol oýunlary hakyky wagt düzgüninde onlaýn ýaýlyma bermegi ýola goýdy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Bu tapgyr Türkmenistanyň we paýtagtyň bäş sebitinde geçiriljek nusgawy formatdaky alty ýaryşdan ybarat bolar. Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde badalga alan ilkinji tapgyr 127 gatnaşyjyny – açyk derejede 83 adam, aýallar derejesinde hem 44 aýal-gyzy özünde jemledi.
Tutuş tapgyryň netijelerine görä, paýtagtymyzda pleý-off ýaryşyň soňky tapgyryna gatnaşjak her dereje boýunça 16 sany iň oňat oýunçy kesgitlener. Ýeňiş gazanan küştçiler halkara ýaryşlary üçin milli ýygyndymyzyň esasyny düzjek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Ýokary ligasyna gönümel ýollanma alarlar.
Ýaryşyň esasy aýratynlygy, Türkmenistanyň küşt taryhynda ilkinji onlaýn ýaýlym berilmegi boldy. Küşt mallarynda we tagtalarynda ýörite sensorlaryň bolmagy bilen, küşt tagtasyndaky her bir hereket dessine sanlylaşdyrylýar we DGT LiveChess programmasy arkaly onlaýn platformalara iberilýär.
Tomaşaçylar her bir göçümi, oýunçylaryň wagtyny yzarlap, Lichess platformasyndaky oýunlary hakyky wagtda seljerip bilýärler.
Häzirki wagtda açyk derejede 7 tagta we aýal-gyzlar derejesinde 3 tagta onlaýn ýaýlyma berilýär. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bir wagtda onlaýn ýaýlyma bermek üçin tagtalaryň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýär. Taslama üçin tehniki goldaw Gollandiýanyň DGT kompaniýasy we Türkmenistanyň «Imdat Elektronika» IT kompaniýasy tarapyndan berilýär.
Guramaçylaryň pikiriçe, bu girizilen tehniki täzelik — küşt ýaryşynyň tomaşaçylaryň giň köpçüligi üçin ajaýyp sport görnüşine öwrülmeginde gazanyljak möhüm ädimdir.