Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Claude Patrick» moda öýüniň esaslandyryjysy Aşgabatdaky moda görkezilişinde täze toplumyny hödürledi

09:5919.03.2025
0
11587

Şu günler Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanan halkara moda görkezilişi geçirilýär.

Onda daşary ýurtly dizaýnerler we ýerli moda öýleri özleriniň iň gowy toplumlaryny hödürleýärler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, fransiýaly meşhur «Claude Patrick» moda öýüniň esaslandyryjysy we baş dizaýneri Klod Patrik (Claude Patrick) aýal-gyzlar üçin gündelik geýmäge niýetlenen «prêt-à-porter» görnüşli egin-eşik toplumyny görkezdi.

Toplum inçelik bilen taýýarlanylan iş eşiklerini we agşamky lybaslary öz içine alýar.

Klod Patrik görkezilişiň yzysüre Türkmenistan baradaky täsirleri bilen paýlaşdy:

«Şeýle ýatdan çykmajak çärä gatnaşýanyma örän begenýärin. Türkmen medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga we türkmen halkynyň baý milli mirasyny özünde jemleýän modasyna tomaşa etmäge döredilen mümkinçilik üçin sag bolsun aýdýaryn. Dizaýner hökmünde ýerli moda öýleri tarapyndan görkezilen owadan lybaslar meni has-da haýrana goýdy. Geljekde ýene-de siziň gözel ýurduňyza gelip, täze moda toplumymy hödürlärin diýip umyt edýärin» diýip, Klod Patrik belledi.

Habarda bellenilişine görä, 1969-njy ýylda esaslandyrylan «Claude Patrick» moda öýi zenanlar üçin dizaýn taýdan özboluşly we konseptual egin-eşikleriň döredilmegine ýöriteleşendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň