Şu gün Aşgabatda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat öz işine başlady. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu halkara maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi.
«Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ak mermerli paýtagtymyzda geçirilýän «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde, energetika, ulag, üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmekde, degişli ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmakda bu maslahatyň ähmiýeti örän uludyr» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow "Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagynyň başynda nygtaýar.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde halkara taslamalary işjeň amala aşyrmak, hyzmatdaşlygyň köptaraply ulgamyny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler bar. Türkmenistan sebitde energetika, ulag we üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny işjeň durmuşa geçirýär, dünýä döwletleri, iri halkara düzümler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Munuň özi geosyýasy we geoykdysady taýdan uly ähmiýete eýe bolup, sebitde energetika howpsuzlygyny, üstaşyr ulag geçelgeleriniň arabaglanyşygyny üpjün etmekde, milli hem-de sebitleýin taslamalara maýa goýumlary işjeň çekmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň ykdysadyýetini dünýäniň ösen tejribelerinden ugur alyp, köpugurly esasda ösdürmek bilen bagly öňde duran wajyp wezipeler milli maksatnamalaryň hem esasyny düzýär.
«Türkmenistan halkara giňişlikde öňe sürýän parahatçylyk, ynanyşmak we hoşniýetli hyzmatdaşlyk kadalaryndan ugur alyp, dünýä döwletleri, halkara guramalar, öňdebaryjy kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýar. Energetika we ulag ulgamyny ösdürmek, beýleki üpjünçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi olaryň esasy ugurlaryna degişlidir. Biz bu ugurlar boýunça sebit derejesinde hyzmatdaşlyk etmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny görýäris. Çünki häzirki wagtda Türkmenistan sebitde energetika taýdan kuwwatly döwletleriň biri bolmak bilen, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň çatrygyna öwrülýär. Bitarap döwletimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag ulgamy we energetika howpsuzlygy bilen bagly Kararnamalaryň kabul edilmegi hem-de bu ugurlar boýunça soňky ýyllarda amala aşyrylýan iri taslamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda ýazýar.
Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistan halkara ähmiýetli iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşygynyň täze tapgyryny durmuşa geçirmäge girişdi. Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsi açyldy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berildi. Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedi işe girizildi.
Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginde Türkmenistan sebitde halkara ýollaryň çatrygynda ýerleşmek bilen, esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümini berkidýär. Şu nukdaýnazardan, Hind ummanynyň portlaryna çykýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynda sebitdäki ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän bu halkara üstaşyr ulag geçelgesi ýük akymlarynyň artmagynda, taslama gatnaşýan ýurtlaryň üstaşyr mümkinçilikleriniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
«Gadyrly myhmanlar! Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň biri bolan, sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahat Merkezi we Günorta Aziýa döwletleriniň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna, ýangyç-energetika, üstaşyr ulag we üpjünçilik taslamalarynyň häzirki zaman ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, oňa maýa goýumlary çekmäge giňden ýardam berer. Maslahatyň sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ähli ulgamlarynda durnukly ösüşi üpjün etmekde, olara döwrebap innowasiýalary ornaşdyrmakda, maýa goýum mümkinçilikleri bilen bagly meselelerde özara tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüljekdigine berk ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynyň ahyrynda nygtaýar.