Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Peruwly balykçyny Ýuwaş ummanda 95 günden soňra tapdylar

11:2614.03.2025
0
7672

Peruwly balykçy Masimo Napa Kastro Ýuwaş ummanda 95 gün ýüzenden soňra Ekwadaryň gämisi tarapyndan tapyldy. 62 ýaşly balykçyny dekrabrda ýüzüşe ugran kenaryndan 1500 kilometrlikde tapdylar. Habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, onuň ýagdaýy şeýlebir agyr bolup, eger wagtynda kömege ýetişmedik bolsadylar, bir günden heläk boljak ekeni diýip, «Rambler.ru» ýazýar.

Öň Braziliýanyň we Günorta Afrikanyň daşary ýurt gämilerinde işlän tejribeli balykçy deňizde bir aý töweregi bolmagy maksat edinipdir. Emma deňze girenden birnäçe gün soň gaýygynyň hereketlendirijisi döwlüpdir. Ony bejerjek bolsa-da, başarmandyr. Tiz wagtdan onuň aralyk uzak bolansoň, gury ýer bilen radioaragatnaşygy hem kesilipdir. Balykçynyň maşgalasy onuň ýitendigi barada habar beripdir, dogan-garyndaşlary häkimiýetlerden ony gözlemegi talap edipdir. Emma gözlegler netijesiz tamamlanypdyr.

12-nji martda tunes balygyny tutmak bilen meşgullanýan ekwador gämisi onuň gaýygynyň üstünden barýar. Balykça lukmançylyk kömegi berilýär. 15-nji martda Kastro Limanyň howa menziline eltilýär. Ol ýerde maşgalasyna gowuşýar.

Azygy gutarandan soňra, balykçy deňizde ýagyş suwuny içip, balyk tutup gününi görüpdir.

«Durmuşyň lezzetini gör, ejeňi razy et, iň esasy zat hem Hudaýa ynan» diýip, balykçy howa menzilinde habarçylara gürrüň beripdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň