Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyz telekeçileri TSTB-niň 17 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä çagyryldy

16:0606.02.2025
0
27632

Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gyrgyzystanly telekeçileri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanjak halkara sergä, şeýle hem «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2025) atly foruma gatnaşmaga çagyrdy. Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, bu barada Gyrgyzystanyň Aşgabatdaky ilçisi Azizbek Madmarow bilen geçirilen duşuşykda beýan edildi.

Taraplar Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 6-njy mejlisinden gelip çykýan wezipeler, şol sanda bilelikdäki türkmen-gyrgyz ösüş gaznasynyň döredilmegi boýunça pikir alyşdylar.

Gyrgyz tarapyn hem öz gezeginde aprel aýynda respublikanyň telekeçileri üçin Türkmenistana iş saparyny guramak barada belledi. Ilçi A.Madmarow iki ýurduň söwda we senagat palatalarynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini aýtdy.

Duşuşykdan soň iki döwletiň wekilleri hem ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň