Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti: Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek wajypdyr

23:0305.02.2025
0
18535
Türkmenistanyň Prezidenti: Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek wajypdyr
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Onda, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler hem-de döwlet Baştutanynyň ýurduň goranmak ukybyny ýokarlandyrmak babatda beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol hasabatynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar barada-da aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hem-de türkmen halkyna mahsus bolan belent ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany ýurduň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi we bu babatda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabatlary berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň