«Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasy dürli pudaklaryň iş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup taýýarlanylýan «Gandaş uniform» haryt nyşanly ýörite iş geýimleriniň giň assortimentini hödürleýär.
«Gandaş uniform» ýörite iş geýimleri HoReCa pudagynyň kärhanalary (myhmanhana işewürligi, restoranlar we kafeler), azyk senagaty, şeýle hem önümçilik kärhanalary we sehler üçin niýetlenendir.
«Ýörite geýimler dünýäsiniň» hödürleýän teklibiniň esasy aýratynlygy kärhananyň her sargyda özbaşdak çemeleşýändigi bolup durýar. Kärhana matalaryň dürli görnüşlerini we dizaýn çözgütlerini hödürlemek bilen, müşderiniň egin-eşikleriniň korporatiw stiline doly uýgunlaşmagyny üpjün edýär. Bu diňe bir funksional talaplara laýyk gelmän, eýsem müşderiniň brendiniň özboluşly aýratynlygyny hem görkezýän iş geýimlerini döretmäge mümkinçilik berýär.
Müşderilere ýokary hilli materiallaryň giň assortimentini saýlamak mümkinçiligi ýetirilýär. Munuň özi kärhananyň geýimleri döredilende islendik dizaýn konsepsiýalaryny durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Bu çemeleşme «Gandaş uniform» haryt nyşanynyň her önüminde ulanmak üçin amatlylygyň, rahatlygyň we gözelligiň iň oňaýly utgaşmasydyr.
Ýeri gelende belläp geçsek, «Ýörite geýimler dünýäsi» HK Aşgabat şäherinde şu salgyda ýene-de bir dükanyny açdy: 11-nji kiçi etrapça, «Ak ýol» bazary, A16 dükany.
Habarlaşmak üçin:
- telefon belgileri: (+993 64) 003 002, (+993 61) 555 522;
- web saýty: candashuniform.com.tm;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Dükanlaryň ýerleşýän salgylaryny şu ýerden görüp bilersiňiz.