Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Görogly adyndaky Döwlet sirkine baryp, ol ýerde Hanbeg atly at bilen sirk meýdançasynda at üstünde gezelenç etdi diýip, TDH habar berýär.
Saparyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy ahalteke bedewleriniň halkara derejesinde tanalýandygyny belläp, "Galkynyş" milli at üsti oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerini, aýratyn-da Monte-Karloda geçirilen Halkara sirk sungatynyň festiwalyndaky üstünliklerini ýokary bahalandyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle hem Arkadag şäherinde "Galkynyş" toparynyň üstünlikleriniň hormatyna meýilleşdirilýän dabaralary barada aýdyp, topara mundan beýläk-de üstünlikleri we ýeňişleri arzuw etdi.