Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täze Zelandiýada dag resmi taýdan adam diýlip ykrar edildi

13:2131.01.2025
0
16011
 Täze Zelandiýada dag resmi taýdan adam diýlip ykrar edildi
Surat: report.az

Täze Zelandiýadaky Taranaki Munga dagyna ýuridiki şahs derejesi berlip, adam hukuklarynyň eýesi boldy. Bu eýýäm ýurtda şeýle hukuk berlen üçünji tebigy ýer diýip, «Report» ýazýar.

Ýurduň maori asyl oturymly ilaty dagy öz ata-babasy hasaplaýar. Olar öň şeýle hukuk derejesiniň derýa we özleri üçin mukaddes bolan ýer bölegine berilmegini gazanypdylar.

Hukuk ykrarnamasy düýn— penşenbede güýje girdi we dag adamyň ähli hukuklarydyr borçlarynyň eýesi boldy. Indi dag resmi taýdan maori dilindäki ady bilen bellendi, onuň kolonial geçmişdäki Egmont dagy diýen ady hukugyny ýitirdi. Dagyň töweregindäki belentlikler we tebigy ýerler hem maori halkynyň dilindäki ady bilen tutular.

Dagyň adam hukuklary onuň saglygyny we abadançylygyny goramakda, däbe öwrülen peýdalanyşy dikeltmekde ulanylar. Taranaki Munga dagy ýurtda iň meşhur jahankeşdelik ýerleriň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň