Hindistanyň demirgazyk Uttar-Pradeş ştatyndaky Kumbha Mela dini festiwalynda dörän basgyda heläk bolanlaryň sany 40-a ýetdi. Bu barada ýerli polisiýa edarasyna salgylanýan «Reuters» habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Basgy festiwala gelen adamlary saklamak üçin dikilen haýatyň ýykylmagy netijesinde döredi.
Kumbha Mela festiwaly Gang we Ýamuna derýalaryň goşulyşýan ýeri bolan Praýagraj şäherinde her 12 ýyldan geçirilýär. Bu ýerde suwa düşünmek adamyň ähli günälerini ýuwýar diýip yrym edýärler.
13-nji ýanwardan bäri dowam edýän festiwala eýýäm 110 milliondan gowrak zyýaratçy baryp gördi. Kumbha Melanyň 45-nji gününde olaryň sany 400 milliona ýeter diýlip çaklanýar.
1954-nji ýylda bu festiwalda bir günde 400-den hem köp adam pida boldy diýlip, habarda bellenýär.