«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň düzümine girýän Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasy awtobus sürüjileri üçin boş iş orunlarynyň bardygyny yglan edýär.
Awtobus sürüjileri bolup işlemek isleýän dalaşgärler üçin bildirilýän esasy talap, sürüjiniň ýeri hasaba alynmadyk ýagdaýynda, sekiz oturgyçdan köp bolan ýerli ýolagçy ulag serişdesini dolandyrmaga hukuk berýän «D» kategoriýaly sürüjilik şahadatnamasynyň bolmagydyr.
Işe girmek isleýänler şu telefon belgilerine jaň edip: +993 12 44-33-94 ýa-da +993 65 71-41-22 zerur bolan ähli maglumatlary alyp bilerler.