Jemgyýetçilik pikir soralyşygyň jemleri boýunça Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan işi oňlanylýar. Bu ugurda pikir soralyşygy «Asal Araştırma» guramasy geçirdi diýip, «Report» ýazýar.
Pikir soralyşyga gatnaşyjylara: «Eger şu ýekşenbede saýlawlar geçiriläýse, kimiň Prezident bolaryny islärdiňiz?» diýip, sowal berdiler. Alnan netijelere laýyklykda, pikiri soraşylanlaryň 26 göterimi häzirki döwlet Baştutany Ärdogany
Prezident wezipesinde görmek isleýändiklerini aýtdylar. Ikinji orunda 17,3 göterim görkeziji bilen Mansur Ýawaş, üçünji orunda 14 göterim bilen Ekrem Imamoglu ýerleşdi.
Çärä gatnaşyjylaryň 11 göterime golaýy sowala jogap bermegiň kyndygyny ýa-da özleriniň bu babatda pikirleriniň ýokdugyny aýtdylar.
Pikir soralyşyk ýanwarda 1800 adamyň arasynda geçirildi.