Türkmenistanda geçiriljek halkara forumlar ýurduň milli baýdagynyň we BMG-niň baýdagynyň astynda geçiriler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen telefon arkaly gepleşiginde nygtady – diýip, TDH agentligi habar berýär.
«Biz bu garaýşyň aýdyň tassyknamasy hökmünde Türkmenistanda geçiriljek halkara duşuşyklarda we çärelerde öz milli baýdagymyz bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň hem goýulmagyny isleýäris. Biziň üçin bu buýsanjyň alamaty, Bitarap Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň garaýyşlarynyň we maksatlarynyň bitewiliginiň nyşany bolar» - diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän ähli başlangyçlarynyň häzirki wagtda örän derwaýysdygyny belledi hem-de ýurdumyzyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri esasynda bu ugurda durmuşa geçirýän işlerini goldaýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Ozal biz BMG-niň Baş sekretarynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň alyp barjak işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny makullandygy barada habar beripdik.