Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

15-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

15:1915.01.2025
0
13796

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, Aşgabatda döwlet Baştutanlary derejesinde halkara forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýär, Türkmenistan we Italiýa köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyrlar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistan Owganystanda parahatçylygy we raýat ylalaşygyny gazanmak, onuň ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça tagallalary goldaýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda aýtdy.

2. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň maslahatyny geçirmek baradaky başlangyjyna ünsi çekdi we BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýyndygyny tassyklady. Hususanda, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäginde parahatçylyk dörediş işiniň iki merkezini döretmegi teklip etdi, olar halkara parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, şol sanda gapma-garşylyklaryň öňüni almak bilen bagly işlere goşant goşarlar.

3. Şu ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanlarynyň derejesinde halkara forumyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada hem Gurbanguly Berdimuhamedow telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda aýtdy. «Şu ýyl biziň öňümizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň giň gerimli maksatnamasyny amala aşyrmak wezipeleri durýar. Halkara forumynyň geçirilmegi öňde boljak çäreleriň esasy wakasy bolar» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

4. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Edmondo Çiriýelli bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn syýasy dialogyň ähmiýetini bellediler. Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

5. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçisi Bernd Haýnse bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de gatnaşyklaryň berk hukuk binýadyna esaslanyp, ulgamlaýyn we uzakmöhletleýin esasda ösýändigini bellediler.

Dünýäde

6. Germaniýada meşhur «Dubaý şokolady» barada jedel ýüze çykdy. Köln şäheriniň kazyýeti «Dubaý şokolady» diýlip atlandyrylýan önümleriň diňe Dubaýda öndürilmelidigi barada karar kabul etdi. Waka 2024-nji ýylyň ahyrynda «Aldi Süd» dükanlar zynjyrynda «Alyan Dubai» atly pisse kremlisüýjüleriň peýda bolmagy bilen başlandy. Sosial ulgamlarda işjeň mahabatyň kömegi bilen önüm tiz meşhurlyk gazandy. Emma şokoladlaryň Türkiýede öndürilendigi ýüze çykyp, hakyky Dubaý şokoladyny import ediji nemes kompaniýasy tarapyndan kazyýet işiniň gozgalmagyna getirdi.

7. Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi wiza düzgünine üýtgeşmeleriň girizendigini habar berdi. Esasy üýtgeşme elektron wizalaryň has çalt resmileşdirilmegi bolar – indi resminamalary ýörite nyrh saýlap, arza tabşyrylanyndan bir gün soň alyp bolar. Täze görnüşli «Sapar» wizasy iş, syýahatçylyk, garyndaşlaryny görmek ýa-da lukmançylyk hyzmatlaryny almak maksady bilen, Gyrgyzystana gelýän daşary ýurt raýatlary üçin niýetlenendir. Wizanyň hereket edýän möhleti 90 gün bolup, ýurda bir gezek hem, birnäçe gezek hem girmäge mümkinçilik berýär.

Sport täzelikleri

8. Superkubogyň finalynda «Barselonadan» uly ýeňlişe sezewar bolanyndan soň, Madridiň «Realynyň» ýolbaşçylary toparyň baş tälimçisi Karlo Ançelottiniň wezipesini täzeden gözden geçirmegi meýilleşdirýärler. Indiki hepdede ýokary derejeli duşuşyklar geçiriler we häzirki ýagdaý seljeriler hem-de italýan hünärmeniniň geljegi kesgitlener. Muňa 12-nji ýanwarda Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen Ispaniýanyň Superkubogy ugrundaky duşuşygyň netijesi sebäp boldy. «Real» esasy bäsdeşi «Barselonadan» 2:5 hasabynda ýeňildi.

9. Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby bilen täze şertnama barada ylalaşyk gazandy. Er-Riýadyň topary bilen täze ylalaşyk ýene bir möwsümlük bolup, ol 2026-njy ýylyň iýunyna çenli baglaşyldy. Şertnama laýyklykda, Ronaldu ýylda 200 million ýewro gazanar, ýöne gol çekilen bonusyň we täjirçilik girdejileriniň hasabyna bu möçber köpelip biler. Ronaldu 5-nji fewralda 40 ýaşaýar. Ol 2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri «Al-Nasryň» düzüminde oýnaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň