Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Antoniu Guterriş bilen halkara gün tertibi boýunça pikir alyşdy

23:2714.01.2025
0
12030

Eziz watandaşlar, bilşiňiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça ýörite Guramaçylyk döwlet topary döredildi. Ýakynda bolsa, türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde bu toparyň ilkinji mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň guramaçylyk meselelerine seredip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny düzmek barada BMG-niň düzüm birlikleri bilen geňeşmeleri geçirip, onuň durmuşa ornaşdyrylmagyny nygtapdy.

Ine, bu gün bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Bu barada TDH habar berdi.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi Täze ýyl bilen gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Gahryman Arkadagymyz telefon arkaly söhbetdeşlik üçin minnetdarlyk bildirip, geçen ýylyň tomsunda BMG-niň Baş sekretary bilen Aşgabatdaky duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, bu duşuşygyň örän peýdaly we netijeli bolandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we uly hormat goýýandygy baradaky sözlerini ýetirdi.

Antoniu Guterriş hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde hormatly Prezidentimize mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga BMG-niň möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen syýasatyna we bu ugurdaky başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň ştat-kwartirasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna badalga berilýändigini, Türkmenistanyň bu wakany şu ýyl döredilmeginiň 80 ýyllygyny belleýän BMG-niň taryhynda möhüm, aýratyn tapgyr hasaplaýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň taryhy senä – Milletler Bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň aýratyn ähmiýetini belledi hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny tassyklady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş sekretaryny 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmagy göz öňüne tutýan meýilnamalary bilen tanyşdyrdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşymak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy taýýarlandy. Bu resminamada ýurdumyzyň häzirki zaman ählumumy gün tertibiniň esasy meselelerine garaýyşlary beýan edilýär. Şeýle hem özara ynanyşmak, dialog we jogapkärçilik esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek barada ýurdumyzyň garaýyşlary öz beýanyny tapýar.

Gahryman Arkadagymyz bu babatda 2025-nji ýylyň özgerişler ýyly bolup biljekdigini we bolmalydygyny nygtap, Türkmenistanyň bu Konsepsiýada beýan edilen maksatlaryny BMG-niň goldajakdygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen birlikde, bu Konsepsiýa taýýarlanylanda BMG-niň başlangyjy boýunça geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen «Geljegiň Sammitiniň» esasy mazmunyna köp babatda esaslanylandygy aýratyn bellenildi. Şoňa görä-de, Türkmenistan bu Konsepsiýany şol Sammitiň jemleýji resminamasy bolan «Geljegiň Paktyny» durmuşa geçirmäge özboluşly goşant hasap edýär.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen Konsepsiýanyň wajypdygyny belläp, ony dolulygyna makullady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz öňde durýan işleriň esasy ugurlary barada aýdyp, howpsuzlyk bilen bagly meselä ünsi çekdi hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Ählumumy Howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyny belledi.

Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almagyň we olary aradan aýyrmagyň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny işjeň ulanmak bu strategiýanyň esasy ugurlarynyň hataryndadyr.

Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy döretmek boýunça tagallalaryny üpjün etmek üçin Bitaraplygyň mümkinçiligini giňden ulanmagyň, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň möhümdigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu teklipleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň dünýäde syýasy dartgynlygy azaltmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sebit howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça dialogy işjeňleşdirmegi pugta maksat edinýändigini tassyklady.

– Anyk aýdylanda, gürrüň Merkezi Aziýadaky ýagdaý barada barýar. Biz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryna esaslanmagy maksat edinýäris – diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Merkezi Aziýada howpsuzlygyň derejesi we ýagdaýy köp babatda häzirki döwürde sebit gün tertibinde durýan meseleleriň giň toplumynyň netijeli çözülmegine baglydyr.

Şolaryň biri hem suw bilen bagly meseledir. Bu ugurda ýurdumyzyň garaýşy geçen ýylyň 3-nji dekabrynda Er-Riýadda geçirilen «Bitewi suw» atly sammitde anyk beýan edildi. Türkmenistan Merkezi Aziýada suw bilen bagly meseleleriň tutuş toplumyna seretmegiň şu esasy kadalara, hususan-da, halkara hukugyny berjaý etmäge, sebitiň döwletleriniň bähbitlerini özara nazara almaga hem-de halkara guramalaryny, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasyny bu meselä çekmäge esaslanmalydyr diýip beýan etdi.

Bu kadalaryň bozulmagy sebitiň ýurtlary üçin howp we ägirt uly ekologiýa, durmuş-ykdysady hem-de ynsanperwer töwekgelçilikleri döredýär.

Gahryman Arkadagymyz Owganystandaky ýagdaý barada durup geçip, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň bu ýurtda parahatçylygy we raýat ylalaşygyny gazanmak, onuň ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek, durmuş meselelerini çözmek boýunça tagallalary goldaýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Owganystanda häzirki täze häkimiýet babatda oýlanyşykly, hakyky ýagdaýdan ugur alýan syýasaty alyp barýar. Şeýle hem bu ýurduň häzirki täze häkimiýeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň garaýyşlaryny, hereket edýän halkara ykrar edilen çemeleşmeleri nazara alyp, dialogy saklaýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri ykdysady taslamalary amala aşyrýar.

Şolaryň hatarynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystanyň çäginden Pakistana barýan elektrik geçiriji ulgamyň, Türkmenistandan owgan ugry boýunça demir ýollaryň gurluşygy bar.

Şeýle hem Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda Owganystanyň ilatyna ynsanperwer kömegi berip gelýär. Ýurdumyz öz serişdeleriniň hasabyna durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny amala aşyrýar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we şeýle kömegiň geljekde hem üýtgewsiz amala aşyryljakdygyny nygtady.

BMG-niň Baş sekretary Gahryman Arkadagymyzyň telefon söhbetdeşligiň dowamynda beýan eden, dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen teklipleriniň we başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini nygtady hem-de olary goldady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sebit howpsuzlygy baradaky meselä geçip, bu ugurda Türkmenistanyň Hazarýaka döwleti hem bolup durýandygyny göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi.

Şoňa görä-de, bizi Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygyň ýagdaýy alada goýýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürendigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bitarap döwletlere Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk dörediş tagallalarynda ileri tutulýan hyzmatdaş hukuk ýagdaýyny bermek baradaky başlangyçlaryna esaslanyp, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk dörediş işine jogapkär düzümleri bilen işjeň iş alyp barmaga taýýardygyny beýan etdi.

Şu maksat bilen, Türkmenistanyň çäginde parahatçylyk dörediş işiniň iki merkezini döretmek mümkinçiligine seredip bolar. Elbetde, bu ugurda işler Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýyny nazara almak bilen amala aşyrylar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu işleriň esasy maksadynyň halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, şol sanda gapma-garşylyklaryň öňüni almak bilen bagly meseleleri çözmek üçin bitaraplygyň kadalaryny iş ýüzünde ulanmak bolup durýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilelikdäki işiň esasy ugurlarynyň biridigini belläp, Türkmenistanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli gün tertibiniň» wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilen hereketleri milli derejede hem, ýurdumyzyň durnukly ösüş babatda halkara tagllalaryna öz goşandyny goşmagy bilen bagly hem işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň öňe süren Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak, Durnukly ulag arabaglanyşygynyň Ählumumy atlasyny döretmek, şeýle hem Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk bileleşigini döretmek baradaky başlangyçlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam edip biljekdigi nygtaldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hyzmatdaşlary bilen iri ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça işleri dowam etdirjekdigini tassyklap, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça döredilen «Türkmenistan – BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň bu işlerde goldaw berjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen giň ynsanperwer gün tertibi boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny, BMG-niň ýörtiteleşdirilen edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegi maksat edinýändigini tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 – 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň üstünikli ýerine ýetirilmeginiň netijelerine esaslanyp, ýurdumyzyň Merkezi Aziýada apatridtler we bosgunlar bilen işlemek boýunça tejribesini giň halkara derejesinde hem ulanmak teklibi beýan edildi.

– Şu ýyl biziň öňümizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň giň gerimli maksatnamasyny amala aşyrmak wezipeleri durýar. Halkara forumynyň geçirilmegi öňde durýan halkara wakalarynyň esasy wakasy bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de bu forumy şu ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde guramagyň göz öňünde tutulýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretaryny bu Sammite gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrdy.

BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş 2025-nji ýylyň Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini belläp, şu ýylyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslenýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Sekretary Guramanyň düzüm birlikleriniň Türkmenistan tarapyndan guraljak halkara çärelere işjeň gatnaşjakdyklaryny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady hem-de Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ynamdar hyzmatdaşy we pikirdeşi, sebitde we dünýäde onuň ygtybarly daýanjy bolandygyny, bolýandygyny we şeýle bolmagynda galjakdygyny belledi.

– Biz bu garaýşyň aýdyň tassyknamasy hökmünde Türkmenistanda geçiriljek halkara duşuşyklarynda we çärelerinde biziň milli baýdagymyz bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň goýulmagyny isleýäris. Biziň üçin bu buýsanjyň alamaty, Bitarap Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň garaýyşlarynyň we maksatlarynyň bitewiliginiň nyşany bolar diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän ähli başlangyçlarynyň häzirki wagtda örän derwaýysdygyny belledi hem-de Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri esasynda durmuşa geçirýän bu işlerini goldaýandygyny ýene bir gezek tassyklady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik BMG-niň Baş sekretarynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň