Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

09:3112.01.2025
0
12027

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän hem-de durky täzelenýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, Gökdepe şaýolunyň ugrunda üstaşyr geçýän durky täzelenýän köp zolakly köpriniň şekil taslamalary we bu desganyň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň, köpriniň sütünleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Bu ýerde ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegini özünde jemleýän şertleriň döredilmelidigini belläp, Gahryman Arkadag bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri görkezilýän şekil taslamalary synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. "Ýol-ulag düzümine degişli möhüm desgany döwrebaplaşdyrmak işlerine häzirki zamanyň talabyna laýyk derejede çemeleşilmelidir, onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň hiline, berkligine möhüm ähmiýet berilmelidir" diýip, Gahryman Arkadag belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadag täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, durky täzelenýän, şeýle hem gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän we teklip edilýän önümçilik toplumlarynyň, beýleki desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäher lukmançylyk klasteriniň, söwda we işewürler merkeziniň, lukmançylyk klasteriniň edara binasynyň we sanjym önümleriniň önümçilik desgasynyň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň, Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň şekil taslamalary, gurulmagy teklip edilýän täze medeni-dynç alyş merkezi üçin niýetlenen ýer böleginiň çyzgylary bar.

Alym Arkadag täze şäheriň çäklerinde gurulmagy teklip edilýän desgalaryň gurluşygyna bolşy ýaly, olaryň bezeg işlerine we oturdyljak şekilleriň göze gelüwli bolmagyna üns berilmelidigini aýtdy. Aýratyn-da, şäheriň täze medeni-dynç alyş merkezinde oturdyljak şekillere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Gahryman Arkadag guruljak medeni dynç-alyş merkeziniň çäginden geçjek ýap suwunyň ýeri kesgitlenende örän oýlanyşykly we jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. "Bu merkeziň çäginiň özboluşlylygy, onuň bezeg aýratynlygy ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyza laýyk bolmaly" diýip, Milli Lider sözüni dowam etmek bilen, bu ýerde ýörite myhmanhananyň we naharhananyň gurulmalydygyny aýtdy we onda hakyky türkmen dünýäsiniň açylyp görkezilmelidigini degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Türkmen halkynyň myhmansöýerliginden ugur alyp, bu ýerde türkmeniň milli tagamlary, datlydan-datly nygmatlary hödür-kerem edilmeli. Halkyň gadymdan gelýän durmuşyna mahsus ebedi mizemez millilikleri janlandyrylmaly. Bu ýere geljek myhmanlarda türkmen halkynyň täsin gymmatlyklarynyň uly täsir galdyrmalydygy bellenildi.

Gahryman Arkadag seýilgähiň çäklerinde türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen we dünýäde belent şöhrata eýe bolan bedewleriň şekilleriniň oturdylmagynyň ähmiýetlidigini belledi. Şunda her bir bedewiň haýsy nesil ugruna degişlidigi, olaryň taryhy we at çapyşyklarynda gazanan ýeňişleri baradaky maglumatlar jemlenmelidir hem-de olaryň sanly ulgam arkaly uly ekranly elektron enjamynda beýan edilmelidir.

Şeýle hem Gahryman Arkadag täze şäheriň ekologiýa ýagdaýynyň ýokary derejede saklanmagy, binalaryň Arkadag şäheriniň ruhuna kybap derejede bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi bilen baglanyşykly meselelere häzirki zaman ylmynyň gazananlary esasynda we şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplaryna laýyklykda çemeleşilmelidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň