Top.Mail.Ru

«Berkarar» SDAM özüniň 10 ýyllyk baýramyny bellemäge çagyrýar

18:0425.12.2024
0
22565

Aşgabat şäheriniň iň meşhur söwda merkezlerinden biri bolan «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi öz on ýyllygyny bellemäge taýynlyk görýär! Dekabryň 26-syna, SDAM-niň doglan gününde ähli myhmanlar üçin ýatdan çykmajak baýramçylyk garaşýar.

Şol gün 17:00-dan 21:00-a çenli «Berkarar» SDAM-de baýramçylyk gurşawy höküm sürer. Guramaçylar myhmanlar üçin dürli baýraklar goýlan bäsleşikler, gözbagçylaryň täsirli çykyşlary we animatorlaryň şadyýan oýunlary ýaly dürli çäreleri taýýarlaýar.


Baýramçylygyň ýörite myhmanlary belli türkmen aýdymçylary – Parahat Pürjäýew, Söhbet Kasymow, Zülfyýa Jumabaýewa, Begmyrat Annamyradow, Durdy Durdyýew we Begenç Çapyýew dagy bolar. Türkmen estradasynyň ýyldyzlary özleriniň iň naýbaşy aýdymlaryny ýerine ýetirerler.

Şeýle-de ähli isleg bildirenler «La Tartine» atly meşhur konditerinden tagamly süýjülikleri dadyp, olardan lezzet alyp bilerler.

«Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň wekili: «Paýtagtymyzyň ähli ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny baýramçylyga gatnaşmaga çagyrýarys! Agşamymyzy ýakynlaryňyz bilen geçirmek, dürli baýraklary utmak we baýramçylyk gurşawynyň täsirlerinden lezzet almak mümkinçiligini elden bermäň!» - diýip, hemmeleri uludan tutuljak baýramçylyk çäresine gatnaşmaklyga çagyrdy.

«Berkarar» SDAM – eýýäm 10 ýyl bilediris!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň