Golaýda Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça doly ygtyýarly wekili (Adalatçy) Ýazdursun Gurbannazarowa BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratna bilen duşuşyk geçirdi.
Adalatçynyň edarasynda guralan duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.
Ý.Gurbannazarowa ÝUNISEF-iň Adalatçynyň edarasynyň esasy halkara hyzmatdaşydygyny belläp, hyzmatdaşlygyň çäginde çagalaryň hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly meselelerde dürli işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Jalpa Ratna öz gezeginde Türkmenistan Hökümetiniň çagalaryň hukuklaryny goramak babatdaky syýasatynyň oňyn we netijeli häsiýete eýedigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurtda adam hukuklaryny goramak we öňe sürmek boýunça garaşsyz institut hökmünde Adalatçynyň edarasynyň bu ugurdaky işine ýokary baha berildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Şol gün Adalatçy Ýewropany Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti, uly syýasy geňeşçisi Dewid Lýuis bilen duşuşdy. Duşuşygyň maksady Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilişi hem-de Adalatçynyň edarasynyň işi bilen tanyşmakdan ybarat boldy.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary babatynda gatnaşyklaryň yzygiderli ösüşi bellenildi. Ý.Gurbannazarowa myhmana Adalatçynyň edarasynyň döredilen gününden bäri adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça alyp barýan işleri, bu ugurda toplan tejribesi hem-de degişli ulgamda halkara hyzmatdaşlygy barada maglumat berdi. Bu işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigi nygtaldy.
Çeşmäniň bellemegine görä, duşuşyk tamamlanandan soň, taraplar adam hukuklaryny goramak babatynda netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.