Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy, «Arkadag» futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna eýe boldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Döwlet Baştutany diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny hem-de bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, goranmak ukybyny mundan beýläk-de berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Er-Riýadda geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri öz çykyşynda häzirki döwürde suw meselesi boýunça özara hyzmatdaşlygyň umumydünýä işleriniň möhüm bölegi bolup durýandygyny we onuň köp babatda Ýer ýüzünde durnuklylygy, ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde mümkinçilikleri kesgitleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, suwuň, sözüň doly manysynda, suw serişdeleriniň deň we adalatly ulanylmagy diňe bir syýasy-hukuk taýdan däl-de, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň öňünde ahlak taýdan jogapkärçilik babatda hem aýgytly şert bolup çykyş edýär.
3. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparynyň çäklerinde Mekge şäherinde mukaddes Käbä zyýarat etdi. TDH-niň habar berşi ýaly, hajy Arkadag gadymdan gelýän däp-dessurlara eýerip, saparynyň ilkinji pursatlaryny Mekge şäherine baryp, mukaddes Käbä zyýarat etmekden başlady. Munuň özi asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini ýörelge edinen türkmen halkynyň däpleriniň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýany boldy.
4. Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Muhammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen gepleşikleri geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy barada pikir alyşdylar, BMG-niň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.
5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bu serginiň ähmiýetini belläp, Türkiýäniň Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşydygyny aýtdy.
6. Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat žurnalistlere beren interwýusynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň ýakyn ýyllarda özara söwda dolanyşygynyň mukdaryny iki esse artdyrmak üçin öz öňlerinde uly maksat goýandyklaryny aýtdy. – Iki doganlyk ýurduň döwlet Baştutanlarynyň garaýyşlaryna laýyklykda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrarys. Özara söwda dolanyşygynda ýyllyk 2,5 milliard amerikan dollar ýeterlik däl. Orta möhletde söwda dolanyşygynyň ýyllyk mukdaryny 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi maksat edinýäris. Geljek ýylyň fewral-mart aýlarynda Ankarada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 8-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça täze ýol kartasy kabul ediler – diýip, ministr belledi.
Dünýäde
7. Çagalaryň semremegi bilen bagly barha artýan meselä garşy göreşmek üçin Beýik Britaniýanyň Hökümeti telewizorda zyýanly iýmit mahabatyny görkezmegi gadagan etmek kararyna geldi. Beýik Britaniýanyň Saglygy goraýyş ministrligi düzüminde köp mukdarda ýag, şeker we duz saklaýan önümleriň mahabatyna diňe sagat 21:00-dan soň rugsat beriljekdigini aýtdy. Gadagan edilen önümleriň hatarynda diňe bir tiz tagamlar (fast-fud) we çipsiler däl, eýsem, süýji gazlandyrylan içgiler, taýýar ertirlikler, konditer önümleri, ýeňil garbanmak üçin önümler we dürli ýarym taýýar önümler bar. Bu çäreleriň 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda güýje girmegine garaşylýar.
8. Ýakutiýada Olekminsk bilen Lensk şäherleriniň arasyndaky sebite ýagtylygy birnäçe dolan Aý bilen deňeşdirip boljak asteroid gaçdy. Alymlar kosmiki jisimiň diametriniň bir metre golaýdygyny we onuň atmosfera girmeginiň tizliginiň sekuntda 16 kilometre ýetendigini tassykladylar. Asteroid Ýere gaçmazyndan birnäçe sagat öň Arizonadaky Kitt-Pik obserwatoriýasynyň astronomlar tarapyndan tapyldy. Bu waka 1908-nji ýyldaky meşhur Tungusk meteoritiniň gaçan ýerinden 900 km uzaklykda bolup geçdi.
Sport habarlary
9. «Arkadag» futbol kluby futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky oýunda Ahaly ýeňdi. Duşuşyk Balkanabatda geçirildi we «akylly» şäheriň wekilleriniň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy. Tälimçi Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygynda «Arkadagyň» taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny alandygyny bellemelidiris. Baýramow 2023-nji ýylyň dekabryndan bäri topara tälimçilik edýär. Bu döwürde «Arkadag» iki gezek Türkmenistanyň çempiony boldy, ýurduň Kubogyna we Naýbaşy kubogyna eýe boldy. Şu ýylyň güýzünde «Arkadag» halkara giňişliginde ilkinji gezek çykyş edip, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda «B» toparçada birinji orny eýeledi. Topar çärýek finalda Hindistanyň «Ist Bengal» kluby bilen duşuşar. Duşuşyklar 2025-nji ýylyň 5-nji we 12-nji martynda «öz meýdançaňda we myhmançylykda» görnüşinde geçiriler.