Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

26-njy noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14:1026.11.2024
0
14432

Aşgabatda ITTC-2024 halkara ulag sergisi açyldy, Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalygyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy, Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitap ýazdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» (ITTC-2024) atly halkara sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan «Belli» Hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guralýan bu halkara çäresi ýurduň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär. Sergi ulag pudagynda bar bolan täze tehnologiýalar we önümler bilen tanyşdyrmak üçin özboluşly meýdança bolup, ol şeýle-de ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny gurmaklyga mümkinçilik döredýär.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işlere hem-de Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

3. Iş maslahatynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolandygyny we türkmen halkynyň şöhratly taryhy hakynda toplan ençeme maglumatlaryny kagyza geçirendigini aýtdy. Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny nygtap, oňa «Hakyda göwheri» diýip at goýandygyny habar berdi.

4. Şu gün Aşgabatda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III Türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylar bu çäräniň öz işine başlamagy bilen gutlap, ylym we innowasion tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Duşuşykda dürli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

6. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň ýakyn wagtda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriljek 16-njy mejlisine gatnaşmaga çagyryldy. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Ýyldyrym Gurbanguly Berdimuhamedowy mejlise geňeşiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.

7. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşyklarda energetika pudagynda ikitaraplaýyn türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýäde

8. ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Minnetdarlyk gününiň öňüsyrasynda Ak tamyň öňündäki meýdançada her ýylky hindi towugyny azat etmek dabarasyny geçirdi. Dabaranyň baş gahrymanlary Minnesota ştatynyň Nortfild şäherinde ösdürilip ýetişdirilen Şetdaly we Güljagaz atly iki guş boldy. Dabaradan soň guşlar fermalaryna gaýdyp gelerler we «oba hojalygynyň ilçileri» diýen abraýly wezipäni ýerine ýetirerler.

9. Türkiýede ýurduň merkezi, gündogar we günorta sebitlerini gurşap alan güýçli gar tupany boldy. Häzirki meteorologiýa ýagdaýy 30-dan gowrak welaýatyň işini bökdedi. Ýerli häkimiýetler 13 welaýatda howa howpunyň «sary» we «mämişi» derejesini yglan etdiler. Mundan başga-da, 32 welaýatda bilim we döwlet edaralarynyň işi düýbünden togtadyldy. Ýurduň daglyk ýerlerinde gar örtügi 50 santimetre ýetýär. Sinoptikler güýçli garyň ýagmagynyň azyndan ýakyn üç gün dowam etjekdigini çaklaýarlar.

Sport habarlary

10. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty soňky tapgyra gadam basýar. Möwsümiň ahyryna çenli bary-ýogy üç tapgyr galdy, şondan soň sanawyň ahyrky netijesi belli bolar. Ýokary liganyň 31-nji tapgyrynyň ähli oýunlary 26-njy noýabrda sişenbe güni geçiriler. «Köpetdag» öz meýdançasynda «Arkadag» bilen duşuşar, «Ahal» «Nusaý» stadionynda «Nebitçini» kabul eder, «Merw» «Şagadam» bilen oýnar. «Aşgabat» bilen «Altyn Asyryň» arasyndaky oýun «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparynyň AFK-2 Çempionlar ligasyna gatnaşýandygy sebäpli ätiýaçlyk senesine yza süýşürildi.

11. Saud Arabystanyň «Al-Nasr» futbol kluby AFK-nyň Elita Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyrynda Kataryň «Al-Gharafa» toparyny ýeňip, oýny 3:1 hasabynda tamamlady. Kriştianu Ronaldu iki gol salyp, duşuşygyň gahrymany boldy. Garşydaşyň derwezesine ýene bir goly Gabriel Anželo geçirdi. Ýer eýelerinden ýeke-täk goly Hoselu derwezä girizdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň