24-nji noýabrda paýtagtyň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde «Technovation Girls Türkmenistan» maksatnamasynyň nobatdaky möwsüminiň açylyş çäresi geçirildi. Duşuşyk gyzyklanma bildirýänleri, telekeçileri we maksatnamanyň geçen möwsümlerini gutaranlary bir ýere jemledi. Bu barada «Newscentralasia» habar berdi.
Taslamanyň ýerli wekilleri tanyşdyryş dabarasynda «Technovation Girls-iň» esasy taraplary barada jikme-jik düşündiriş berdiler we geçen ýyllarda gazanylanlar boýunça maglumatlary paýlaşdylar: geçen möwsümlerde Türkmenistandan 14 topar dünýä ýaryşynyň ýarymfinalyna çykdy.
Duşuşykda toparlaýyn sapaklar geçirildi, bu bolsa gatnaşyjylaryň birek-biregi has gowy tanamagyna mümkinçilik berdi. Şeýle hem çagyrylan ýörite hünärmenler we maksatnamanyň hyzmatdaşlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Halkara «Technovation Girls» maksatnamasy Türkmenistanda 4 ýyl bäri geçirilýär. Taslama sosial telekeçiligi ösdürmäge we STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) ugurlarynda ýaş gyzlar üçin mümkinçilikleri ösdürmäge gönükdirilen global başlangyçdyr.
Bäsleşigiň çäginde gatnaşyjylar 5 adama çenli toparlara ýygnanýarlar we ýerli ýa-da halkara derejesinde sosial meseleleri çözmäge kömek edýän ykjam programma döretmek üçin işleýärler.
Her möwsümiň ahyrynda jemleýji tapgyra çykan toparlar Kaliforniýada geçirilýän Bütindünýä sammitine ýygnanýarlar. Bu ýerde toparlar öz prototiplerini «Google», «Meta» we «Amazon» ýaly öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna hödürleýärler. Bu maksatnama Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen amala aşyrylýar.