Hökümetiň sanly ulgam arkaly 15-nji noýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamyny ösdürmek, hususan-da, demir ýol ulagy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň işgärleri üçin has oňaýly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyna laýyklykda, ýakyn ýyllarda ýurduň etraplarynyň we şäherleriniň birnäçesinde demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak göz öňünde tutulýar we häzirki wagtda bu ugurda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda ýolagçylar we demir ýol ulagy pudagynyň işgärleri üçin has oňaýly şertleri döretmek babatda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, häzirki zaman demir ýol stansiýalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany kabul edilen maksatnama esasynda Ahal welaýatynda Duşak we Bamy, Balkan welaýatynda Jebel, Mary welaýatynda Baýramaly demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak barada taýýarlanan teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.