Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Hytaý Halk Respublikasynyň Baş Gümrük müdirliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük edaralarynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar.
Gullugyň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygynyň dowamynda Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň arasynda gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda kabul edilen Ähtnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan birnäçe meselelere seredildi.
Taraplar bu geçirilýän iş duşuşygynyň ýokary ähmiýetini belläp, harytlaryň gümrük nokatlaryndan bikanun geçirilmegine garşy göreş işleriniň alnyp barlyşy, harytlar gümrük serhetlerinden geçirilende töwekgelçilikleri aradan aýyrmak, sebitara maglumat alyş-çalşygynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ýaly ugurlar boýunça hem özara pikir alyşdylar.
«Merkezi Aziýa-Hytaý» gümrük töwekgelçiliklerini dolandyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň bu duşuşygy ýokary netijeli boldy, diýlip habarda bellenilýär.