ABŞ-nyň paýtagty Nýu-Ýork şäheriniň meri Erik Adams ýaşaýjylary we hökümet edaralaryny oktýabrda ygalyň az düşmegi bilen bagly, suwy tygşytly peýdalanmaga çagyrdy.
«Oktýabr taryhda iň gurak aýlaryň biri boldy... Men öz ähli wekilliklerimi suwy tygşytly peýdalanmak boýunça meýilnama düzüp, olary durmuşa geçirip başlamaga çagyrýaryn. Ýöne bize siziň hem kömegiňiz gerek, Nýu-Ýorkuň ýaşaýjylary» diýip, Adams özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy.
Bu barada «NBC News» teleýaýlymynyň ýerli bölüminiň habaryna salgylanýan «RIA Nowosti» ýazýar.