«Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri üçin Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 4 sany 4 gatly, 40 öýli täze ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün, 1-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanowyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen bagly hasabatynda aýdyldy.
Hökümet mejlisiniň barşynda, “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurulýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.