«Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasy hemmeleri «Gandaş uniform» brendli ýörite lybaslaryň dürli görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar. Kompaniýa diňe bir rahatlygy we amatlylygy bilen däl-de, eýsem, owadan dizaýny bilen hem tapawutlanýan tebigy matalardan öndürilen ýokary hilli önümleri hödürleýär.
«Gandaş uniform» önümleriniň aýratynlyklary:
- ýokary hil. Diňe geýlende rahatlygy üpjün edýän tebigy we ýokary hilli matalar ulanylýar.
- çydamlylyk. Önümçilikde ulanylýan esbaplar örän berkligi we ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.
- dürli ölçeg görnüşleri. 42-den 78-e çenli geýim ölçegleri hödürlenýär, bu bolsa islendik adam üçin lybas saýlamaga mümkinçilik döredýär.
- döwrebap dizaýn. Kompaniýanyň işläp düzüjileri we modelýerleri moda pudagynyň soňky ösüş meýillerine yzygiderli gözegçilik edip, owadan we döwrebap nusgalary döredýärler.
Häzirki wagtda «Gandaş uniform» dükanlaryny Türkmenistanyň iri şäherlerinden tapyp bilersiňiz:
Aşgabat:
- Magtymguly şaýoly, 124;
- «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, dükan №D66.
Balkanabat:
- Azatlyk köç., «Hazar» söwda merkezi, 112-nji dükan.
Mary:
- A.Nyýazow köç., «Aýnur» söwda merkezi (Tiz kömek binasynyň ýany).
Türkmenabat:
- Gagarin adyndaky kiçi etrapça, Magtymguly şaýoly, bina 1/9.
Daşoguz:
- «Rysgal» söwda merkezi, 3-nji gat, dükan №313А.
Size amatlylyk üçin Türkmenistanyň hemme ýerine eltip bermek hyzmaty hereket edýär.
«Gandaş uniform» – bu diňe bir lybas däl, bu rahatlyk, gözellik we ýokary hil!
Telefonlar: (+993 64) 00 30 02, (+993 63) 48 88 89. Sosial ulgamdaky sahypasy.