Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Heopsyň piramidasyna münen it ýere düşdi

14:3321.10.2024
0
1096
 Heopsyň piramidasyna münen it ýere düşdi
Surat: vfokuse.mail.ru

Hepdäniň başynda Müsürdäki rowaýaty piramidalaryň iň ulusy bolan Heopsyň piramidasynyň çür başyna çykyp, guşlara üýren köpek ahyry ýere düşdi.

Bu barada «Daily Mail» neşirine salgylanýan «vfokuse.mail.ru» ýazýar.

Ýagny 14-nji oktýabrda piramidanyň üstünde itiň guşlary üýrüp kowýandygynyň wideosy sosial ulgamda ýerleşdirilipdi.

Sosial ulgamdan peýdalanyjylar heniz hem itiň 146,6 metrlik şeýle belent piramidanyň depesine nädip münendiginiň syryny anyklap bilenoklar.

Itiň piramidadan düşüşiniň wideosyny Loren Ratwon atly ýolbelet çap etdi, ol piramidanyň üstüniň «öz-özüň bilen ikiçäk galmak üçin oňat ýerdigi» barada degişdi.

Ýeri gelende aýtsak, Heopsyň piramidasyna, beýleki 118 sany Müsür piramidalaryna bolşy ýaly, münmek kanun tarapyndan gadagan edilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň