Indoneziýanyň öňki goranmak ministri Prabowo Subianto ýurduň Prezidenti wezipesine girişdi, kasam kabul edişlik dabarasy düýn— 20-njy oktýabrda boldy diýip, TASS habar berýär.
Kasam kabul edişlik dabarasyna 33 ýurtdan ýokary derejeli myhmanlar gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Russiýadan, Malaýziýadan, Laosdan, Wýetnamdan, Katardan, Hytaýdan we Germaniýadan wekiller bar.
Indoneziýada döwlet Baştutanynyň saýlawlary 14-nji fewralda geçdi, ses berlişikde Prabowo Subianto ýeňiş gazandy. Ol öňki Prezident Joko Widodonyň syýasatyny dowam etdirmekçidigini yglan etdi. Wise-Prezidentiň wezipesine Widodonyň uly ogly Gibran Rakabuming Rakanyň bellenmegi muňa güwä geçýär diýlip, habarda bellenýär.